Gazagystanyň Mangistau oblastynyň Aktau şäheriniň Lomaý-paýlaýyş merkeziniň wekiliýeti iki ýurduň arasynda oba hojalyk pudagynda söwda gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Ilçihananyň ýardamy bilen guralan sapar oba senagaty toplumynda gazak we türkmen kompaniýalarynyň arasynda işewürlik gatnaşyklary berk ýola goýmaga gönükdirilendir.
Düzüminde S.Kuşmagambetow we R.Kismetow bolan gazak wekiliýetini miweleri we gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge, gaýtadan işlemäge we saklamaga ýöriteleşen “Ýigit”, “Mahmal” we “Miwe” ýaly Türkmenistanyň öňdebaryjy obasenagat kärhanalary kabul etdiler.
Wekiliýetiň saparyna Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew hem goşuldy. Ol miwe we gök önüm plantasiýalary bilen tanyşdy. Wekiliýet düzümi alma, armyt, hurma, nektarin, garaly, şetdaly, badam ýaly ekinleriň dürli görnüşlerini hem-de pomidor, sogan we beýleki gök önümler ekilen meýdanlary synladylar.
Taraplar türkmen oba hojalyk önümlerini Aktauwa ibermek hakynda ylalaşdylar. Türkmen hyzmatdaşlary merkeziň logistika we paýlaýyş ulgamlaryny has jikme-jik öwrenmek üçin Gazagystana sapara çagyryldy.