Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny
ösdürmek, azyk önümleri öndürijileri goldamak, önümçilige häzirki zaman suw
tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de suwarmagyň ozal ulanylýan
usullaryny kämilleşdirmek baradaky aladalaryndan ugur alyp, “Jahan tilsimatlar”
hususy kähanasy 2017-nji ýylda döredildi we 2019-njy ýylyň dekabr aýyndan bäri
ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürýän daýhanlarymyzy ýokary hilli
agrohimiýa önümleri (dökünler, ösümlikleri zyýankeşlerden goramagyň
serişdeleri, tygşytly suwaryş ulgamlary) bilen üpjün etmek boýunça işlerini degişli
ygtyýarnama esasynda amala aşyrýar. Kärhana daşary ýurtlardan oba-hojalygynda
ulanylýan dürli önümleriň importyny amala aşyrmak bilen çäklenmän, Ýewropanyň
ýokary hil standartlaryna laýyk gelýän ýerli dökün önümleriniň önümçiligini
ýola goýup, olary islege görä ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini üpjün edýär.
Önümler, kärhananyň eýeçiligindäki tehniki şertlere laýyklykda “K-Kükürt” atly
söwda nyşanly we “N-Kuwwat” atly söwda nyşanly onümleri öndürýär. Kärhana
agrohimiki önümleriniň söwdasy bilen bilelikde daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen
bilelikde müşderileriň islegi ýokary bolan köp taraply agranom hyzmatyny hem
üpjün edýär.
Şeýle hem kärhana, suw tygşytlaýjy suwaryş enjamlaryny we ulgamlaryny (suwaryş turbalaryny we olaryň gurnama harytlaryny, dürli çagyl süzüji suwy arasalaýjy enjamlar toplumyny, suwaryş – awtomatiki dökünleýji ulgamlaryny we beýlekiler) müşderilere üpjün edýär. Şol bir wagtyn özünde kärhana daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen bilelikde suwarylmaly ýerleriň taslama-çenlik we taslama işlerini (çyzgy, hasaplamalar we ş.m.) doly amala aşyryp, enjamlary gurnama we doly işe girizmek hyzmatlaryny üpjün edýär.
Kärhananyň ýokarda agzalan ugurlar boýunça gazanan köp ýyllyk tejribesi we tejribeli işgärler düzüminiň bolmagy netijesinde kärhana, müşderileriň talabyna görä olary ýokary hilli harytlar hem-de göwnejaý hyzmatlar bilen üpjün edýär we olaryň ýokary hilini kepillendirýär.