Türkmenistanly
işewürler Özbegistanda geçiriljek «Agroworld Uzbekistan 2025» atly 20-nji
halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
«Agroworld
Uzbekistan 2025» 11 – 13-nji mart günlerinde Daşkent şäherindäki «Uzexpocentre»
sergi merkezinde geçirilip, onda oba hojalyk tehnikalary, ekinleriň önümçilik
tehnologiýalary görkezilişe çykarylar, şeýle-de maldarçylyga, weterinariýa
hem-de oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilişine we saklanylyşyna degişli
diwarlyklar ýaýbaňlandyrylar.
Özbegistanyň
obasenagat pudagynyň iň iri wekillerini we daşary ýurtly kompaniýalaryň ençemesini
özüne jemleýän «Agroworld Uzbekistan» sergisine baryp görýänleriň 84 göterimi
satyn almak işine gatnaşýar. Şonuň üçin hem bu forum satyn almak we oba hojalyk
önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we saklamak babatda iş alyp barýan
kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça meýilnamalaryň işlenilip düzülmeginde
möhüm ähmiýete eýedir.