Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ministrler
Kabinetniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew bilen «Case New Holland» halkara
kompaniýasynyň işewürlik meseleleri boýunça direktory Stýuart Kempbeliň
arasynda duşuşyk geçirildi.
HHM-iň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar
işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň geljegini,
şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň oba hojalygy, maşyn gurluşygy we
gurluşyk ýaly möhüm pudaklarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini
ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen bazaryny döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen
üpjün etmegiň geljegine, şeýle-de ýurduň senagatynda we infrastrukturasynda
innowasion tehnologiýalary we çözgütleri ornaşdyrmaklyga aýratyn üns berildi.