16 – 18-nji dekabr aralygynda
Aşgabatda «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik
maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat
gullugy habar berýär.
Çeşmede bellenilişine gör,
sergide oba hojalyk tehnikalary, ekinleriň täze döredilen tohumlary, dökünler,
himiki serişdeler hem-de azyk önümlerini gaplamagyň tehnologiýalary
tanyşdyrylar.
Ýeri
gelende bellesek, «Iran Agrofood» oba hojalyk we azyk senagatyna bagyşlanyp
geçirilýän halkara sergidir. Onda oba hojalyk toplumynyň gazananlary,
gaýtadan işleýji we gaplaýjy tehnologiýalar, enjamlar hem-de himiki serişdeler
tanyşdyrylýar. Sergi işewürlik gatnaşyklary berkitmek we tejribe alyşmak üçin
amatly meýdança bolup hyzmat edýär.