Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen telekeçilerine döwlet tarapyndan giň goldaw berilýär. Türkmen telekeçileriniň we önüm öndürjileriniň daşary ýurt bazaryna çykmaklygyna we dünýäniň öňde baryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Biziň kärhanamyz daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. "Jahan tilsimatlar" hususy kärhanasy Türkiýe Respublikasynyň oba hojalyk dökün we dermanlary öndürmekde iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan "Sector tarim" kompaniýasy bilen bilelikde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşdylar.
Bu şertnama laýyklykda, "Jahan tilsimatlar" hususy kärhanasy "Sector tarim" kompaniýasynyň Türkmenistandaky ýeke-täk distributory bolmak bilen bu kompaniýada öndürilýän oba hojalyk dökünleri we zyýankeşlere garşy derman serişdelerini amatly bahadan türkmen oba hojalykçylaryna hödürlär.